Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkant şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitiniň guramanyň taryhynda täze sahypa açjakdygyny belledi. Bu sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.
– Taryhy şäheriň ŞHG-niň taryhynda täze sahypany açjakdygy ikuçsyzdyr. Munda taryhy Samarkant şäheriniň ähmiýeti uly bolar. Sebäbi bu şäher köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa bilen Hytaýy birleşdiren şäherleriň biridir – diýip, Şawkat Mirziýoýew “ŞHG-niň Samarkant sammiti: dünýäniň özara baglanyşygynda dialog we hyzmatdaşlyk” atly makalasynda belläp geçdi.
Özbek lideri 15-16-njy sentýabrda Samarkant şäherine 14 döwletiň Prezidentleriniň geljekdigini belläp, olaryň täze başlangyçlarynyň we teklipleriniň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň mümkinçilik berjekdigini belledi.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy – 2001-nji ýylda döredilen halkara guramadyr. Onuň agzalary: Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Pakistan, Özbegistan, Hindistan. Synçy döwletleri – Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa. Hyzmatdaş ýurtlary – Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka.
Şu gezekki sammitde Eýranyň gurama doly hukukly agza bolmagy üçin işleriň tamamlanmagy we Belarusyň gurama doly hukuly agza bolmagy üçin ýüz tutmasynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.
