MEDENIÝET

San-Fransiskoda ilkinji gezek geçirilýän türk festiwalynda Türkmenistan tanyşdyrylar

San-Fransiskonyň gözel mekanynda  ilkinji Türk Festiwaly geçiriler. Bu festiwala Atawatan Media topary hem gatnaşar. Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň gutlanýan günlerinde geçiriljek bu çärede Türkmen milli el işleri, we Türkmenistanymyzy tanyşdyrýan materiallar bilen bezelen stend myhmanlary garşylar. Şonda  myhmanlara Kaliforniýadaky Türkmen maşgalasynda taýynlanan pişme hem hödürlener! Emeli intellekt bilen taýynlanan, Ata Watan Türkmenistanymyzy tanyşdyrýan Türk we Iňlis dillerindäki aýdymlar San Fransiskonyň köçelerinde ajaýyp ýaňlanar. Bu döwürde San Fransiskoda we onuň ýakynlarynda bolýan ähli Türkmen raýatlarymyzy bu ajaýyp çäre çagyrýarys. Çäre 2024-nji ýylyň 28-nji Sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň San Fransisko şäherinde ýerleşýän meşhur Embarcadero Plazada geçiriler. Ol dünýäniň iň abraýly kompaniýalarynyň ştab kwartiralarynyň ýerleşýän Market Street köçesi bilen Steuart köçesiniň çatrygynda ýerleşýär. Çäreniň gurnaýjysy bolup  Turkish American Association in Northern California (TAAC) çykyş edýär.

Türki milletleriň baý medeniýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilýän bu şanly çäre, türk we türki halklarynyň däp-dessurlaryny, sungatyny hem-de myhmansöýerligini giňden tanatmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. San-Fransisko aýlag sebitinde ilkinji gezek geçiriljek Türk Festiwaly, Türkiýäniň şirin tagamlaryndan başlap, saz-söhbetine we tanslaryna çenli dürli medeni özboluşlylyklaryny görkezmek üçin guralýar. Bu baýramçylyk, gatnaşýanlaryň ählisi üçin täsirli duýgular we owazlar bilen doldurylan şowhunly dabaralara öwrülmek bilen, diňleýjilere we tomaşaçylara Türk medeniýetiniň joşgunyny duýmaklyga mümkinçilik berer.

San-Fransisko aýlag sebitinde geçiriljek ilkinji Türk Festiwaly, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen tomaşaçylara unudylmajak pursatlary sowgat edip, yklymlaryň arasynda dostluk köprüsi bolmak bilen, täze tanyşlyklary döreder. Bu şowhunly baýramçylykda dürli medeniýetleri birleşdirýän, agzybirligi pugtalandyrýan hem-de dostlugy berkitýän unudylmajak tejribäniň şaýady boluň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk