TEHNOLOGIÝA

Samsung Galaxy Z Flip 3 tapawutly görnüşi bilen satuwa çykar

Samsung şereketiniň satuwa çykarmaga taýýarlanýan telefony Galaxy Z Flip 3 tapawutly görnüşe eýe bolar.

Täze Galaxy Z Flip 3 telefony öňki Galaxy Z Flip 5G-den has gysga we has inçe görnüşde bolar, emma 3200 mAh batareýa bilen üpjün ediler.

Täze telefonda ýekeje SIM öýjügi ýerleşdirilipdir ýöne, içerde eSIM moduly hem bar. Telefon LTE we 5G internetde işlemäge niýetlenipdir. Şeýle hem bu smartfon Android 11-de işlär.

Samsung Galaxy Z Flip 3 smartfonynyň 11-nji awgustda satuwa çykmagyna garaşylýar. Şeýle hem, çykan habarlarda telefonyň has uly LED ekran we iki sany kamera bilen üpjün ediljekdigi aýdyldy.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

14-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Ýene-de okaň

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama

«Bir penjire» ulgamy: 120 müňe golaý resminama elektron görnüşde resmileşdirildi

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Ata Watan Eserleri