JEMGYÝET

Samarkantda ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkant şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Samarkantdaky ýokary derejedäki gepleşikler örän netijeli boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbekistanyň Prezidenti ikiçäk hem-de wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçirdi. Gepleşiklerde türkmen-özbek hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Syýasy, parlamentara, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine uly kanagatlanma bildirildi.

Ähli ugurlarda netijeli dialog alnyp barylýar. Hökümetara toparynyň, işewürler geňeşiniň, sebitara forumynyň mejlisleri, Medeniýet günleri, sergiler yzygiderli guralýar.

2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1.1 milliard dollara barabar boldy. Iki ýurduň paýtagtlarynda söwda öýleri döredildi, ýük gatnawlarynyň möçberi artdyryldy. Ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini 2 milliard dollara ýetirmek ugrunda wezipeler goýuldy.

Energetika, ulag, oba we suw hojalygy hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär. “Şawat-Daşoguz” bilelikdäki serhetýaka söwda zolagy döredilýär.

Şu ýyl Hywa şäherinde 3-nji sebitara Forumyny we Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günlerini geçirmek babatda ylalaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbekistanyň Prezidenti sebit hyzmatdaşlygynyň, “Merkezi Aziýa +” we Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 7-nji Konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.

Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek forumyň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmen halkynyň Milli Liderine “Hakyda göwheri” atly kitabynyň özbek diline neşir edilen nusgasyny sowgat berdi.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder