DÜNÝÄ

Samarkandyň resmi ýaşynyň 3000 ýyldygy kesgitlenildi

Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisiniň çäginde «Samarkant: 3000 ýyllyk miras» atly halkara maslahat geçirildi.

Çäräni Özbegistanyň Medeniýet we sungaty ösdürmek gaznasy, Özbegistan Respublikasy Ylymlar akademiýasy, Samarkandyň arheologiýa instituty hem-de Samarkandyň welaýatynyň häkimligi ÝUNESKO-nyň goldawy bilen gurnady.

Foruma öňdebaryjy alymlar, arheologlar we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar täze arheologik tapyndylar, Zarafşan jülgesiniň şäher gurluşygyndaky ösüşler hem-de Samarkandyň dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy merkezleriniň biri hökmünde ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Çykyş edenleriň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy merkeziniň direktory Laza Elundu Assomo, professor Temur Şirinow we doktor Klod Rapen bardy.

Maslahat arheologiýa, medeni mirasy goramak hem-de taryhy şäherleriň döredijilik taýdan ösdürilmegi babatda ylmy alyş-çalyş we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin möhüm meýdança boldy.

Maslahatyň netijesinde halkara ylmy barlaglara esaslanyp, Samarkandyň taryhynyň azyndan 3000 ýyllyk taryhy bardygy baradaky ylmy netije çykaryldy. Ozal şäheriň 2750 ýyllyk taryhy diýip kesgitlenen bolsa, indi Samarkandyň resmi ýaşynyň 3000 ýyldygy ykrar edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri