Sallançak we onuň şekil nusgalary hakynda

Eýsem, sallançagyň şekili nireden alyndyka? Türkmen eneleri geçmişde sallançagy şekil taýdan nämä meňzedip ýasadylarka? Dogrusy, biziň elimizde bu soraga kanagatlanarly jogap berip biljek anyk maglumatlarymyz ýok. Ýöne halk arasyndaky ýörgünli bolan gürrüňlerden, bu mesele babatda söhbetdeş bolan adamlarymyzyň aýdanlaryndan ugur alyp, sallançagyň şekiliniň nämä esaslanýandygy baradaky pikir boýunça anyk netijä gelmek mümkin däl.

Biri “sallançak täze dogan aýa meňzedilen” diýse, ýene biri “ene garnyna, ene gujagyna meňzedilen” diýýär. Biri “öýe meňzedilen” diýse, başga biri “horjuna, torba meňzedilen” diýýär. Başga biri “şekilini bilemok, ýöne welin sallançak täze doglan çagajyga edilen ýörite öýjagazdygyny-ha bilýän” diýýär.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýaşaýan matematika mugallymy Düwlen Gardyýewden eşiden maglumatlarymyzy esas aldyk we sallançagyň  şekili barada onuň aýdanlaryny ýerlikli hasapladyk. Ol hem türkmen sallançagynyň atyň arkasyna, bedewiň ýagrysyndaky çukurlyga meňzedilmegi baradaky garaýyşdyr. Tejribeli mugallymyň aýdyşyna görä, bu maglumaty oňa mamasy gürrüň beripdir. Onuň mamasy Bereket etrabynyň Uzyn-suw obasynyň iň garry mamasy hasaplanylýan eken. 110 ýaşap dünýäden öten Amansoltan ejäniň gürrüňine salgylansaň, sallançagyň şekili münülýän atyň ýagrynyndaky çukuryna meňzedilendigini ejesinden eşidipdir. Diňe gürrüňe esaslanylýan deliliň neneňsi derejede dogrudygyny anyklamak aňsat däl.

Biz sallançagyň şekili baradaky gözleglerimizi ýene dowam etdirdik we dilden gürrüňiň ahyrky netijesini gözleglerimiziň soňunda ele geçiren suratymyz bilen sapmaklygy ýerlikli hasapladyk. Şeýlelikde, türkmen sallançagynyň şekili baradaky garry mamanyň gürrüňi bilen soňky surat arasynda ylmy baglanyşyk gurduk. Muňa has anyk göz ýetirmek üçin “vk.com/ene” diýen elektronik çeşmeden alnan türkmen suratkeşiniň elinden çykan sungat eserini içgin derňew etmekligi ýerlikli hasapladyk.

Deňeşdirmäniň gysgajyk we anyk netijesini aşakdaky deliller boýunça düşündirmek bolar:

Birinji delil: Türkmen sallançagynyň şekili hakykatdanam “Tagt-y Süleýmandyr üsti bedewiň” diýlip baha berlen bedewiň arkasyndaky özboluşly çukurjyga çalymdaş bolandygy meňzedilýän ýa-da deňeşdirilýän iki obýektiň (çallançak we at arkasy) ýanaşyk ýagdakdaýda, biri-biriniň ýakynynda göreniňde has anyk ýüze çykýar.

Ikinji delil: Çaganyň sallançaklyk döwrüniň at münmeklige, atoglan bolmaklyga taýýarlyk döwrüdir diýen pikiri ýöretmeklige bizde esas bar. Biziň bu garaýşymyzy tejribeli suratkeş öz eserinde sallançakda ýatan çagajygyň eline gamçy tutdurmak bilen tassyklapdyr.

Üçünji delil: Halk arasyndaky gürrüňlere görä, garry eneler, mamalar sallançagy üwreýän döwründe ilki bilen “Haýt, çüw!  Haýt, çüw!” diýen sözleri ulanyp, soňra hüwdi aýtmaga başlapdyrlar. Bu bolsa hakykatdan hem türkmen sallançagynyň at bilen baglanyşyklydygyna güwä geçýän nusgalaryň biridir.

Dördünji delil: Häzirki wagtda halkyň arasynda seýrek bolsa-da “at arkasy” diýen durnukly aňlatma ulanylýar. Unudylmaga başlan bu durnukly aňlatmanyň yzy köplenç gutlaglarda, ýagşy dileglerde duşýar. Munuň bir nusgasynda sözleýji diňleýjä “At arkasy gutly bolsun!” diýýär. Bu durnukly aňlatma täze maşyn, motosiklet, tigir ýaly münülýän zatlary alanlaryň eýelerine aýdylypdyr. Häzirki wagtda-da gepleşiklerde, halk arasynda bu durnukly aňlatma duş gelmek bolýar. Seýrek-de bolsa häzirki wagtda dilimizde ulanylýan bu aýtgy, belki gözbaşyny türkmeniň geljek nesliniň gadymdan  bäri dowam edip gelýän we geljekde-de dowam etjek “at arkasyndan” – sallançakdan alandyr.

Bu parça Dr. Berdi Saryýewiň  “Türkmenlerde sport sallançakdan başlanýar” atly eserinden bir bölek. Dowamy bar…

Ýene-de okaň

2026;Hepdelik täleýnama (16-22-nji mart)

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Nowruz ýaýlasyna awtobus gatnawlary guralar

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

16-njy Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

15-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri