BIZNES

Salgyt Töleýjileriň dykgatyna!

Aşgabat şäher salgyt bölümi tarapyndan “Türkmenistan” gazetinde çap edilen  “Hususy telekeçileriň we şahsy taraplaryň dykgatyna”  diýlip ýüzlenilýän bildirişden mälim bolşuna görä, bu salgyt bölümi hususy telekeçileriň we şahsy taraplaryň 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemi boýunça hasabat döwri üçin “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň düzgünlerinde bellenilen möhletlerden gijä galman salgyt beýannamalaryny tabşyrmagy we hasaplanan salgytlary tölemegi ýatladýar :

  1. Ýeňillikli salgyt salmak ulgamy boýunça işleýän telekeçiler tarapyndan goşmaça patent tölegi boýunça beýannamalar 2020-nji ýylyň 15-nji awgustyna çenli tabşyrylýar we hasaplanan goşmaça patent tölegi 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli tölenýär.
  2. Salgyt salmagyň umumy ulgam boýunça salgyt töleýän şahsy taraplar-hususy telekeçiler goşulan baha üçin salgyt boýunça salgyt beýannamasy 2020-nji ýylyň 20-nji iýulyna çenli tabşyrylýar we hasaplanan salgyt 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli tölenýär. Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgyt boýunça salgyt beýannamasy 2020-nji ýylyň 25-nji iýulyna çenli tabşyrylýar we hasaplanan salgyt 2020-nji ýylyň 10-nji awgustyna çenli tölenýär.

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer