JEMGYÝET

Saida Mirziýoýewa: «Zenan ýolbaşçylygy — döwrebap jemgyýetiň zerurlygydyr»

Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa häzirki döwrüň jemgyýetinde zenan ýolbaşçylygynyň ähmiýeti we deňligi goldamak babatda tagalla edilýändigini belledi. Ol bu barada “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Onuň aýtmagyna görä, birnäçe ýyl öň döwletdäki iň möhüm maslahatlar we çözgütleriň kabul edilmegi esasan erkekleriň arasynda geçýärdi.

«Häzirki wagtda ýagdaý üýtgeýär: käwagt üýtgeşmeleri görmek üçin diňe birnäçe ädim ätmek hem ýeterlik bolýar» diýip, Saida Mirziýoýewa belledi.

Ol zenan ýolbaşçylygynyň häzirki döwrüň jemgyýeti üçin zerurdygyny, şeýle hem zenanlaryň birek-birege goldaw bermeginiň deňlige tarap öňe gitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

«Geliň, muny mertebe bilen kabul edip, biri-birimize goldaw bereliň. Deňlige ýol açan ähli zenanlara minnetdarlygymy bildirýärin. Biziň wezipämiz — geljek nesiller üçin bu ýoly dowam etdirmekdir» diýip, ol sözüni dowam etdi.

Mirziýoýewanyň çykyşynda deň mümkinçilikleriň ähmiýeti, zenan ýolbaşçylarynyň mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegi hem-de ýurduň sosial we hünär taýdan ösüşinde zenanlaryň orny aýratyn bellenip geçildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Arkadag”- “Al-Nasr” duşuşygy: 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy

Saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi başlady

Türkmenistan “Rona” atly eýran ýük gämisini halas etdi

Türkmenistanda aprel aýynda halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy