SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

«Türkmenawtoulaglary» agentligi şäherara ugurlar boýunça awtobus petekleriniň onlaýn satuwyny gaýtadan ýola goýdy. Bu barada agentligiň resmi web-saýtynda habar berildi.

Şäherara awtobus gatnawlary Aşgabatdan Gyzylarbat, Türkmenbaşy, Mollagara, Tejen, Mary, Baýramaly, Türkmenabat, Ak bugdaý, Babadaýhan ugurlaryna we yzyna amala aşyrylýar.

Şäherara ugurlaryň rejesi, ýagny awtobuslaryň ugramaly we barmaly nokatlary, petekleriniň bahalary, gatnaw günleri, ugraýan hem-de barýan wagtlary bilen agentligiň resmi saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Onlaýn bilet almagyň amatlyklarynyň biri hem islendik wagt biletler web saýtyň kömegi bilen alnyp bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler