Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredilýär.
Munuň mysaly şu gün ulanmaga berlen Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde düýpli durky täzelenen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy hem aýdyň subutnamadyr.
Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär, pudagyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary gurulýar we bar bolanlarynyň durky täzelenýär, olaryň köpüsiniň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy ýokdur. Bularyň ählisi ilata ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge gönüden-göni ýardam berýär, giň ýaýran we seýrek duş gelýän keselleri irki döwürlerde anyklamaga hem-de netijeli bejermäge mümkinçilik döredýär.
Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işlerine jogapkärli çemeleşmek bilen, döwletimiz eneligi we çagalygy goramaga aýratyn ähmiýet berýär, saglygy dikeltmek we berkitmek, gadymy döwürlerden bäri bagtly gelejegiň eýeleri hasaplanýan çagalaryň kesellemeginiň öňüni almak üçin ähli şertler döredilýär.
Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini, şypahana edaralaryny, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalary, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezlerini, saglyk öýlerini gurup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. Aziýanyň we Ýewropanyň dünýä meşhur öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda lukmanlarymyz hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hem giň gerimli işleri durmuşa geçirilýär.
Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, häzirki zaman lukmançylygynda gazanylýan tejribeler işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Diňe geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap saglyk maksatly desgalary, şol sanda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligini we onuň düzüminde 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, saglyk öýi we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasyny ulanmaga berildi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribe, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde ýetilen sepgitler, ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary, derman serişdeleri we öňüni alyş sanjymlary bilen elýeterli üpjün etmekde gazanylan üstünlikler Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan ykrar edilýär. Ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde gazanylan üstünlikler üçin BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza ýörite nyşanyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Muhammetnazar Nurnazarow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.