JEMGYÝET

Saglyk, bilim we sport ulgamynda halkara sergi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe süren tekliplerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahaty geçirilýär.

Halkara sergisine we ylmy maslahata 14 döwletden ýagny, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýa Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Rumyniýadan, Singapurdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Katardan we Belarusiýadan  79-dan gowrak daşary ýurt  ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň we professor mugallymlarynyň, şeýle-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça hünarmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjiginiň dolandyryş müdirliginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynynda  geçirilip, onda daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýörite we ýokary bilim berýän okuw jaýlarynyň, hususy kärhanalarynyň we telekeçileriniň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt ilçihanalaryň öz ekspozisiýalaryny hödürlemekleri göz öňünde tutulýar.

Halkara sergisinde türkmen lukmançylygynda, bilimde we sportda gazanylan üstünlikler bilen birlikde daşary döwletleriň ugurdaş kompaniýalarynyň alyp barýan döwrebap işleriniň köp sanlysy ýaýbaňlandyrylar. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalarynyň bilim we sport boýunça alyp barýan işleri, tehnologiýanyň soňky gazananlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürleniler.Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrar. Ol innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylymlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendiriji güýjüdir.

9-njy oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjiginiň dolandyryş müdirliginiň «Sport» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatyň we serginiň dabaraly açylyşy we 10-njy oktýabrda maslahat dowam eder we daşary ýurtly alym-professorlaryň wekilleri gatnaşarlar we çykyş ederler.

Ylmy maslahatyň işi 19 bölüm boýunça ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde dowam eder. Ylmy maslahat türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barlar.

Halkara sergi we ylmy maslahat önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döreder.

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär