SIZDEN GELENLER

Saglygy goraýşyň döwrebap ösüşleri

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine ýetýär. Lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny we saglyk abadançylygyny üpjün etmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar.

Dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berilýän hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, sagaldyş-dynç alyş öýleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryňdyr anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň barha köpelmegi Garaşsyz döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýär.

Häzirki döwrüň talaplaryna görä, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda elektron maglumat ulgamy ornaşdyryldy. Elektron resminamalar dolanyşygyny döretmek hem-de saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa bejeriş-anyklaýyş işleriniň talabalaýyk guralmagyna, lukmanlaryň zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gullugyň we bölümleriň özara gatnaşygynyň pugtalanmagyna ýardam berdi.

Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän zerur çäreler sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň esasy binýady bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «Ene mähri», Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezleriniň gurulmagy, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ganazlyga garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalar tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar. Şeýle hem bu ugurda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasynyň» tassyklanylmagy ýaş nesliň saglygyny goramak babatynda döwlet syýasatynyň iş ýüzünde doly amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Gözel Diýarymyzda gurulýan saglygy goraýyş merkezleri ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär we ygtybarly saglygy goraýşy üpjün edýär. Il-ýurt ähmiýetli bu işler sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanýan ata Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ösüşleriň barha belentlere galýandygynyň aýdyň güwäsidir.

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Bu iri şäherde saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap edaralary ulanmaga berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi täze şäheriň durmuş düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar. Şol düzüm ähli görkezijiler babatda halkara ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalaryny özüne birleşdirýär. Şolaryň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, saglyk öýi bar.

Umuman, ýurdumyzda soňky ýyllarda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ýokary derejelere ýetdi. Ilatymyzyň saglygy esasy üns merkezinden saklaýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz saglygy goraýyş ulgamynyň agzybir işgärleriniň alkyşlary çäksizdir.

Güljemile Hudaýberdiýewa, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

“Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa” kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri