SIZDEN GELENLER

Sagdynlygyň we dostlugyň mekany

Halkyň saglygy hakynda alada milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň, uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy baradaky alada durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň: «Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, güýç-kuwwat, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär. Sport parahatçylygyň ilçisi bolup, ol dürli ýurtlarda we yklymlarda ýaşaýan halklary birleşdirmäge ukyplydyr» diýen ýaly çuň manyly sözleri, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» we «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» kabul etmegi, 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny we tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşy geçirmek baradaky aýdyň maksatly çözgütleri, adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin döredip berýän ähli amatly mümkinçilikleri halkymyzy has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygy düşünjesine ýokary ynsanperwer many derejesinde görýär we ony Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşdyrýar. 2017-nji ýylyň

7-8-nji aprelinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Aziada — 2017: halkara sport hyzmatdaşlygy agzybirlik we ösüş ugrunda» ady bilen geçirilen halkara sport kongresiniň Jemleýji jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Bosgunlaryň olimpiýa ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek» atly ýüzlenme kabul edildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň        12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde ata Watanymyzyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Dünýäniň 56 döwleti berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýan bu çözgüde awtordaş hökmünde çykyş etdi.

Sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda, giňden ýaýran, Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen welosiped sportuny ösdürmäge ýurdumyzda uly üns berilýär. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge doly laýyk gelýän, Halkara welosipedçiler birleşigi tarapyndan ykrar edilen Welotrek sport binasy gurlup ulanylmaga berildi. Ýurdumyzda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi.

Paýtagtymyzda 2018-nji ýylda Bütindünýä welosiped gününde welosport boýunça 3 müň 246 adamyň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapagy Ginnesiň rekordlar kitabynyň «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» güwänamasyna mynasyp boldy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda ak şäherimiz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 adamyň gatnaşmagynda  3 müň 300 metr aralyga geçirilen «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ýurdumyzyň Welosport federasiýasy hem-de halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän Welotrek sport toplumynda şeýle iri ýaryşlaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen ýurdumyzyň paýtagtynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna daşary döwletleriň 186-syndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara sport bäsleşigini ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işleri ýurdumyzda bu çempionatyň abraý bilen geçiriljekdigine ynam döredýär. Mälim bolşy ýaly, welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça ilkinji dünýä çempionaty mundan 128 ýyl ozal, ýagny 1893-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago şäherinde geçirilipdir. Aziýa yklymynda Welotrek boýunça dünýä çempionaty 1990-njy we 2007-nji ýyllarda geçirildi.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän 2021-nji ýylyň oktýabrynda ata Watanymyz Türkmenistan Welotrek boýunça dünýä çempionatyny Aziýa yklymynda üçünji, Merkezi Aziýada bolsa ilkinji bolup geçirýän döwlet bolar. Ýakynda dünýä çempionatynda ýurdumyzyň sport abraýyny gorajak milli ýygyndymyzyň sport lybaslarynyň we welosipedleriniň nusgalarynyň hem-de ýaryşyň resmi nyşanynyň tassyklanmagy taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry boldy. Häzir milli ýygyndymyz giň mümkinçilikleriň gurşawynda dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär.

Berkarar döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda, sport äleminde maksada okgunly ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň abraýynyň artmagynda, türkmen sportunyň täze belentliklere göterilmeginde beýik işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

 

Nurýagdy Baýlyýew,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk inistitutynyň mugallymy.

 

Aşgabada täze ýolagçy awtobuslary geldi

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat