SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7” awiakompaniýasy Türkmenistana adaty gatnawlary ýola goýýar

Russiýa Federasiýasynyň “S7” awiakompaniýasy Tükrmenistana adaty uçar gatnawlaryny ýola goýýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda mälim edilýär.

Habar berlişine görä, şu ýylyň 17-nji oktýabryndan “S7” awiakompaniýasy  Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça adaty tertipde gatnawlary amala aşyryp başlaýar.

Awiagatnawlar hepdede bir gezek duşenbe günleri amala aşyrylar. Uçaryň Moskwa şäherinden uçýan wagty 03:30-da, Türkmenbaşy şäherinden uçýan wagty 10:05-dedir.

Awiaptekleriň satuwy bu awiakompaniýanyň Aşgabat şäherindäki edara binasynda satylýar. Salgysy A.Niýazow köçesi 174. (Senagatçylar we telekeçiler binasy: Tel +993 12 21-05-93/92)

Biletiň bahasy: Türkmenbaşy-Moskwa  409 ABŞ-nyň dollary

Moskwa-Türkmenbaşy  490 ABŞ-nyň dollary

Awiagatnawlar üçin ýolagçylary we goşlary hasaba almak uçuş wagtyndan 6 sagat öň başlap, uçuşa 2 sagat galanda ýayplýar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär