SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Ýolagçylardan gelip gowşan ýokary derejeli islegleri doly kanagatlandyrmak maksady bilen ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygynda gazananlary netijesinde raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmaga dowam edýär.

Türkmenistan köpýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň “Sibir” (S7) awiakompaniýasy bilen möhüm hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Şonuň netijesinde hem Russiýa Federasiýasynyň “Sibir” (S7) awiakompaniýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 09-na Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri goşmaça yzygiderli ýolagçy howa gatnawlary ýerine ýetirilip başlandy.

Şeýlelikde, häzirki wagt Russiýa Federasiýasynyň “Sibir” (S7) awiakompaniýasy tarapyndan Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça hepde-de 7 sany yzygiderli ýolagçy howa gatnawy ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ýola goýan dostana hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berk binýada daýanýandygy subut edýär.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär