BIZNES

“Rysgal” bankynyň müşderileriniň sany 132 müňden geçdi

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň sany 2021-nji ýylda 132 müň 200-e ýetdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 43% köpdür. Bu barada “www.tstb.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň arasynda şertnama esasynda bu bankdan uly möçberli karzlary alyp, ýurdumyzyň iri gurluşyklarynda iş alyp barýan telekeçileriň sany has agdyklyk edýär. Olar bankdan alan karz serişdeleriniň hasabyna häzirki wagtda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň desgalarynyň gurluşyklaryna gatnaşýarlar.

Mundan başga-da, bank lizing, faktoring akkreditiwlerini açmak boýunça hyzmatlary amala aşyrýar. Şeýle hem, “Rysgal” banky 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap, “Cash back” hyzmatyny ýola goýdy.

Bankyň işjeňliginiň esasy görkezijilerine degip geçsek, bank boýunça kärhanalardan we telekeçilerden çekilen serişdeler 2021-nji ýylda 3 milliard 880 million manada deň boldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7% köpdür. 2020-nji ýylda çekilen serişdeleriň umumy bahasy 3 milliard 590 million manada barabar boldy.

Şeýle hem, bankyň aktiwleri 2021-nji ýylda 8 milliard 620 million manada barabar bolup, geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 21% ýokarydyr. Bu aktiwler 2020-nji ýylda 6 milliard 840 million manada deň boldy.

Özüniň işini çäk boýunça giňeltmek we bankyň bähbitlerini onuň ýerleşýän ýerinden daşarda üpjün etmek maksady bilen, “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň ýurduň ähli welaýatlarynda şahamçalary hereket edýär.

* * *

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň karz goýumlarynyň galyndysy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda 5,75 milliard manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 47,8% ýokarlandy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Rysgal” banky tarapyndan ilatdan we müşderilerden çekilen serişdeleriň möçberi 109,5% artyp, 3 milliard 97 million manada deň boldy. Köp sanly iri taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň netijesinde bankyň aktiwleri yzygiderli ýokarlanýar.

Şeýle-de bankda täze işe girizilen ýuridik şahslara we hususy telekeçilere menzilara bank hyzmatlaryny beriş (“Internet bank”) ulgamynyň üsti bilen eýýäm bankyň müşderileriniň geçirýän tölegleriniň 90%-den gowragy amala aşyrylýar. Dünýä ýurtlarynyň ösen bank ulgamynda banklar tarapyndan giňden ulanylýan QR kod (dessine tassyklanylýan kod) arkaly töleg geçirmek ulgamy hem işe girizildi.

“Rysgal” banky hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Mastercard” halkara kompaniýasy bilen bilelikde galtaşyksyz (PIN kod girizmezden) töleg tehnologiýaly plastik kartlaryň 4 görnüşini, ýagny “Platinum”, “Gold”, “Standart” we “Maestro” görnüşlerini işe girizdi.

Bank tarapyndan 2020-nji ýylda berlen plastik kartlaryň sany 48047 bolup, bu görkeziji günsaýyn köpelýär. Şonuň netijesinde, bank kartlary ulgamynyň üsti bilen geçirilýän nagt däl tölegleriň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3 essä golaý artyp, 755,6 million manatdan gowrak boldy.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky özüniň esaslyk maýasyny şu ýylda 200 million manada ýetirmegi meýilleşdirýär.

Mynasyp ýanhemra – “Ak bulut”

 

Ýene-de okaň

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy