Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýurdumyza sapary başlanýar. Bu sapar özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistan ilkinji, şeýle hem 2023-nji ýyldaky ilkinji daşary ýurt sapary bolup durýar.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine, görä, Russiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşar. Duşuşykda tükrmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alşylar. Taraplar söwda-ykdysady, ulag, senagat, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Şeýle hem Mişustin Aşgabat şäherinde geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşar.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin häzirki wezipesini boýunça Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýar. Geçen ýyl ol Azerbaýjanda, Ermenistanda, Belarusda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda we Özbegistanda saparda bolupdy.
