SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýadan gelýän uçarlar Aşgabada gonar

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadan amala aşyrýan uçar gatnawlary mundan beýläk Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline gonar. Bu barada Aşgabadyň halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugy habar berýär.

Berlen maglumata görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinden we Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinden amala aşyrýan uçar gatnawlarynyň gonýan ugry Aşgabat hökmünde üýtgediler. Bu düzgün 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan güýje girer.

Mundan ozal, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinden amala aşyrýan gatnawy Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline gonýan bolsa, Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinden amala aşyrýan uçar gatnawy Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline gonýardy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwadan we Kazandan Aşgabada şu aşakdaky reje boýunça gatnawlary ýerine ýetirer.

Moskwa-Aşgabat

  • T5704 — çarşenbe güni 00:15
  • T5710 — anna güni10:35

Kazan-Aşgabat

  • T5736 — duşenbe güni 00:35
  • T5738 — perşenbe güni 11:00

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa, Frankfurta, Stambula, Kazana we Moskwa şäherlerine yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan ähli gatnawlar Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline gonar.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler