BIZNES

Russiýadan Gazagystana täze gaz geçirijisi gurlar

Iş duşuşygynyň çäklerinde “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Alekseý Miller bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada rus kompaniýasy habar berdi.

Taraplar Gazagystanyň tebigy gaza bolan artýan islegini göz öňünde tutup, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilendiklerini bellediler.

Gazagystan gazynyň Russiýada uzak möhletleýin gaýtadan işlenmeginiň esasy şertleri boýunça ylalaşyga gol çekildi. Resminama Karaçaganak käniniň gazyny Orenburg gazy gaýtadan işleýiş zawodynyň kuwwatlyklarynda gaýtadan işlemek babatda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklary öz içine alýar. Russiýanyň bu zawodyny gaýtadan döwrebaplaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Gazagystan gazynyň Russiýada uzak möhletleýin gaýtadan işlenmeginiň esasy şertleri boýunça ylalaşyk baglaşyldy

Russiýadan Gazagystana täze esasy gaz geçirijisini gurmak taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça özara düşünişmek ähtnamasyna hem gol çekildi.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler