BIZNES

Russiýa Türkmenistandan pomidor importyny artdyrýar

Russiýa Federasiýasy daşary ýurtlardan dürli gök-bakja önümleriniň importuny artdyrmagy göz öňünde tutdy. Russiýanyň gök bakja önümleriniň importuny artdyrýan ýurtlarynyň sanawynda Türkmenistan hem bar.

Russiýanyň Azyk howpsuzlygy edarasy (Rosselhoznadzor) daşary ýurtlardan pomidor, burç, kädi we badamjan ýaly gök bakja önümleriň importuny artdyrmagy maksat edinendigini mälim etdi.

Bu babatda kabul edilen çözgütde gök-bakja önümleri üçin ozal göz öňünde tutulan çäklendirmeleriň ýatyrylandygy mälim edildi.
Şeýle hem rus edarasynyň berýän maglumatynda, bu çözgüdiň ýokardaky ýurtlaryň karantin we ösümlikleri goramak guramalary tarapyndan berilýän maglumatlary seljermegiň netijelerine esaslanyp, kabul edilendigi bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna pomidory eksport etmekde ýokary görkezijilere eýe bolýar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen hususy pudagyň wekilleri daşary ýurtlara 10 müň 500 tonnadan gowrak pomidor eksport etdiler. Bol hasyl esasan-da, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgysyztana, Birleşen Arap Emirliklerine iberildi.

Geljekde daşary ýurtlara iberilýän pomidor hasylynyň mukdaryny artdyrmagy  göz öňünde tutýan türkmen telekeçileri ýyladyşhanalarda yzygiderli zerur işleri geçirýärler.

 

Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň 3 bankynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdiriler

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan – Belarus: halkara sergiler boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türk ilçisi: energetika Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugry

Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistan erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

Täjigistanyň ykdysady ösüşi 8,4 göterime deň boldy