Russiýanyň Türkmenistanda gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty gaz desgalarynyň gurluşygyna gatnaşyp biler. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak habar berdi.
Wise-premýer Nowak “Rossiýa-24” teleýaýlymyna beren beýanatynda Russiýa bilen Türkmenistanyň energetika pudgaynda hyzmatdaşlygyny dowam etmek babatda ylalaşandyklaryny belledi. Nowak rus kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ýerasty gaz desgalaryny gurluşygyna gatnaşyp biljekdigini belledi.
– Hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda ylalaşdyk. Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda, hususan-da, nebit we gaz pudagynda, ýerasty gaz desgalaryny gurluşygy boýunça pikir alşyldy – diýip, Nowak belledi.
Onuň bellemegine görä, rus nebit kompaniýalary Türkmenistandaky ýataklar boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga hem taýýardygy bellenildi.
Mundan başga-da, Russiýa Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy işleirne hem gatnaşmaga taýýardygy aýdyldy.