JEMGYÝET

Russiýa Gazagystana 17 milliardlyk maýa goýum goýdy

Ertir Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Gazagystana resmi sapar bilen barar. Bu saparynyň öňüsyrasynda Gazagystanyň “Gazagystan prawda” gazetine beren söhbetdeşliginde Wladimir Putin Gazagystanyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumyň möçberiniň 17 milliard dollara barabar bolandygyny belledi.

Rus Lideri iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi. Geçen ýyl bu görkeziji 10,2 göterim artyp, 28.2 milliard dollara deň boldy. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bolsa, söwda dolanyşygy 7.6 göterim ýokarlanyp, 18.9 milliard dollara ýetdi.

Wladimir Putiniň belleýşi ýaly, Russiýa gazak ykdysadyýetine iň köp maýa goýan ýurtlaryň biridir. Rus maýa goýumynyň möçberi 17 milliard dollara barabar boldy. Gazagystanda rus tarapynyň gatnaşmagynda 6 müň kärhana hereket edýär.

Şeýle hem Putin energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada hem durup geçip, Gazagystanyň demirgazyk we gündogar sebitlerini gazlaşdyrmak işine kömek etmäge taýýardygyny belläp, muny “Gazprom” kompaniýasy bilen Gazagystanyň hökümetiniň arasynda şu ýylyň ýanwarynda gol çekilen tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça “Ýol kartasy” esasynda ýerine ýetirip boljakdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler