BIZNES

Russiýa dünýäniň iri gaz känini özleşdirmäge gatnaşar

Russiýa Federasiýasy Eýran Yslam Respublikasyndaky dünýäniň iň iri gaz käni hasaplanýan Günorta Pars ýatagynyň özleşdirilmegine gatnaşar. Bu barada Eýranyň nebit ministri Jawad Owji belläp geçdi.

“TASS” habarlar agentliginiň “Shana” habarlar gullugyna salgylanyp, beren habaryna görä, Eýranyň ministri ýakyn wagtda Eýran bilen Russiýanyň arasynda “swop” görnüşinde tebigy gaz alyş-çalşygy boýunça ylalaşygyň baglaşyljakdygyny mälim etdi.

– Iň ýakyn wagtda Moskwada rus tarapy bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasynda Russiýadan tebigy gazy swop görnüşinde import etmek boýunça gutarnykly ylalaşyga gol çekiler – diýip, ministr belläp geçdi.

Şeýle hem ministr häzirki wagtda Russiýa bilen eýran tarapynyň arasynda 7 nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça ylalaşyklaryň bardygyny belläp, ýene-de 14 ýatagy özleşdirmek boýunça gepleşikleriň geçirilýändigini belledi.

Eýranly syýasatçynyň bellemegine görä, Russiýa Günorta Pars ýatagyny özleşdirmäge gatnaşar we Russiýanyň bu ugurda uly mümkinçilikleri bar.

Günorta Pars – dünýäniň iň iri tebigy gaz känleriniň biridir. Pars aýlagynyň merkezi böleginde ýerleşýän bu gaz käniniň gory 28 trillion kubmetr tebigy gaza we 7 milliard tonna nebite barabardygy çaklanylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär