SPORT

Russiýa Aziýa futbol konfederasiýasyna goşulmaga arakesme berdi

30-njy dekabrda Russiýanyň futbol geňeşi Aziýanyň futbol konfederasiýasyna goşulmak babatda ýygnak geçirdi. Şol ýygnakda Russiýanyň AFK-nyň düzümine goşulmagyna arakesme berildi.

Russiýanyň futbol toparlarynyň Ýewropanyň iri ýaryşlaryna gatnaşdyrmak babatda UEFA bilen gepleşikleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Bu babatda UEFA we beýleki halkara guramalardan bilermenleri gatnaşdyrmak bilen iş toparyny döretmek meýilleşdirildi.

28-nji fewralda UEFA we Halkara futbol federasiýasy rus toparlaryny halkara ýaryşlara gatnaşmakdan çetleşdiripdi. Şol sebäpli Russiýa Katardaky dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmedi we 2024-nji ýylda Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyryna kabul edilmedi.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri