BIZNES

Rus nebit kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge taýýar

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň resmi saýtynda berlen habara görä, taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Rus kompaniýalary Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda enjamlary çekmek arkaly hyzmatlaryny hödürleýär. Şeýle hem nebit kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýardyr.

Mundan başga-da, nebitgaz serişdelerini ibermek, gaz infrastrukturalaryny gurmak, Hazar deňziniň ekologik howpsuzlygyny gorap saklamak ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşyldy.

– Biziň ýurtlarymyz we biziň halklarymyz – wagtyň synagyndan geçen dostlar we ygtybarly hyzmatdaşlar. Moskwa we Aşgabat geljekde-de birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbitlerini nazarda tutup, hyzmatdaşlygyny giňelder – diýip, wise-premýer Aleksandr Nowak belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär