DÜNÝÄ

RTL: Niderlandlaryň şa zenany gulluga başlar

Niderlandlaryň patyşasy Willem-Aleksandryň aýaly Maksima harby gullugy “doly däl görnüşde” geçer. Ol gullugyna teoretiki we amaly sapaklary öz içine alýan taýýarlyk okuwlary bilen başlar. Bu barada RTL teleýaýlymy habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, Niderlandlaryň şa zenany Maksima ýurduň ýaragly güýçlerinde ätiýäçdaky gullukçy hökmünde gulluga başlamak kararyna gelipdir.

Teleýaýlym ätiýäçdaky gullukçy bolan harby gullukçylaryň bilen bilelikde dürli wezipelere çekilip bilinýändigini, şol sanda tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmak işlerine gatnaşyp bilýändigini habar berýär.

Goranmak ministrliginde şa zenanyň bu çözgüdiniň ilkinji nobatda “simwoliki ähmiýete” eýedigini belleýärler we gulluk etmek isleýän raýatlaryň sanynyň artmagyna garaşýandyklaryny aýdýarlar. Şeýle-de ministrlikde mirasdüşer şazada Amaliýanyň harby taýýarlykdan geçip başlamagyndan soň hem täze çagyrylýanlaryň sanynyň artandygyny ýatladyp geçýärler.

RTL-iň maglumatlaryna görä, ýurduň goşunyna goşulmak barada karar kabul etmezden ozal, şa zenany öz gyzy, mirasdüşer şazada Amaliýanyň harby derejesiniň berilmegi dabarasyna gatnaşypdyr.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi