Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda çykyş eder. Ol Saud Arabystanyna gelip, toparyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy.
Tanyşdyrylyş dabarasy “Mrsul-park” stadionynda geçirildi. 23252 orunlyk stadiondaky dabara üçin biletler 15 saud rialyna satyldy. Bu dabarada gelen girdeji haýyr-sahawat işlerine gönükdiriler.
Ol tanyşdyrylyş dabarasyndan ozal metbugat ýygnagyna gatnaşdy. Şol ýerde eden çykyşynda Ýewropada öz işini tamamlandygyny, iň güýçli toparlar bilen ähli kuboklary gazanandygyny belledi.
Ronaldo häzir bolsa, Aziýada özüni synap görmegi maksat edinýändigini belläp, “Saud toparyna täze nesle, şol sanda zenanlar futbolyna kömek etmek üçin döreden mümkinçiligine minnetdarlyk bildirýärin. Özümi örän bagtly duýýaryn” – diýip belledi.
Portugal futbolçy özi üçin Ýewropanyň, Braziliýanyň, Awstraliýanyň we ABŞ-nyň toparlaryndan köp sanly teklipleriň gelendigini belläp, hatda öz dogduk ýeri bolan Portugaliýanyň toparlarynyň hem gyzyklanma bildirendigine garamazdan, saud toparyna wada berendigini üçin Saud Arabystany saýlap alandygyny belledi.
Portugaliýanyň “Sporting” toparynyň düzüminde ýetişen 37 ýaşyndaky Ronaldo “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid” we “Ýuwentus” ýaly toparlarda çykyş etdi. 2021-nji ýylda “Mançester Ýunaýted” toparyna dolanyp gelen Ronaldonyň şertnamasy Katardaky dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda ýatyryldy.
5 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi bolan Ronaldo 5 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmagy başaran futbolçylaryň biridir. Ol Angliýada, Ispaniýada we Italiýada futbol oýnan döwründe ýurtlaryň milli futbol çempionatlarynyň çempionlygy bilen bir hatarda 30-dan gowrak kubok gazandy.
Futbol karýerasynda 800-den gowrak gol geçiren we 5 sany dünýä çempionatynda tapawutlanmagy başaran Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem 118 gezek tapawutlandy.