SPORT

Ronaldo Maradonanyň baýragy gowşurylar

38 ýaşyndaky “Al-Nasr” toparynyň portugal hüjümçisi Kristiano Ronaldo özüniň kuboklarynyň we baýraklarynyň üstüni ýene-de bir baýrak bilen ýetirer. Ol hem ýylyň iň köp gol geçiren futbolçysyna berilýän Maradona baýragydyr. Bu baýrak şu ýylyň 19-njy ýanwarynda “Dubai Globe Soccer Awards 2023” dabarasynda gowşurylar.

“Goal” internet neşiriniň habar bermegine görä,  5 gezek “Altyn pökgi” baýragyna mynasyp bolan Ronaldo 2023-ni ýylda hem Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Al-Nasr” toparynyň düzüminde geçiren duşuşyklarynda jemi 54 gol geçirdi.

Ýylyň dowamynda iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda portugal hüjümçi güýçli futbolçylar – “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe (52 gol), “Bawariýa” toparynyň iňlis hüjümçisi Garri Keýn (52 gol) hem-de “Mançester Siti” toparynyň hüjümçisi Erling Holand (50) ýaly futbolçylardan öňe saýlandy.

Şeýle hem Ronaldo dekarb aýynda Saud Arabystanynyň futbol çempionatynda aýyň iň gowy futbolçysy saýlandy.

Ol Saud Arabystanynyň çempionatynda 18 duşuşykda 20 gol geçirdi.

Ýene-de okaň

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi