SPORT

Ronaldo dünýäde iň köp hak alýan futbolçy boldy

Portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubynyň futbolcysy, 2025-nji ýylda iň köp hak alýan futbolçy boldy. Bu barada “Forbes” neşiri habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, 2025-nji ýylda Ronaldo 280 million dollar gazandy, şonuň 50 million dollary meýdança daşyndaky girdejilerden geldi.

Ikinji orny Argentinanyň “Inter Maýami” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi eýeledi — onuň ýyllyk girdejisi 130 million dollar (60 million maşgala + 70 million meýdança daşyndaky girdeji). Üçünji ýerde bolsa Saud Arabystaniniň “Al-Ittihad” klubynyň fransuz hüjümçisi Karim Benzema — 104 million dollar (100 million + 4 million) bilen ýerleşdi.

Ilkinji onluga şeýle hem şu futbolçylar girdi:

* Ispaniýanyň “Real” klubynyň fransuz futbolçysy Kilian Mbappe (95; 70+25),
* Angliýanyň “Mançester Siti” klubynyň norweg hüjümçisi Erling Holand (80; 60+20),
* “Real” klubynyň braziliýaly oýunçysy Winisius (60; 40+20),
* Angliýanyň “Liwерпул” klubynyň müsürli futbolçysy Mowammed Salah (55; 35+20),
* Ronaдlunyň topardaş senegally futbolçysy Sadio Mane (54; 50+4),
* “Real” klubynyň iňlis futbolçysy Jud Bellingem (44; 29+15),
* “Barselona” klubynyň ispan futbolçysy Lamin Ýamal (43; 33+10).

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi