SPORT

Ronaldo Donald Trampa futbol köýnekçesini sowgat etdi

Portugaliýaly futbolçy, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi Kristiano Ronaldo ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa goly goýlan futbol köýnekçesini sowgat berdi. Bu barada ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite kömekçisi we kommunikasiýa boýunça geňeşçisi Margo Martin sosial ulgamlarda habar berdi.

Ronaldonyň “7” belgili köýnekçesini Donald Trampa Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta gowşurdy.

“Prezident Donald Tramp üçin, parahatçylyk üçin çykyş edýän lider” diýip, Ronaldo futbol köýnekçesini öz goluny çekip, ýazgy ýazdy.

Geçen hepde 40 ýaşyndaky Ronaldo bilen bilelikde çykyş edýän Portugaliýanyň milli ýygyndysy UEFA Milletler Ligasynda finalda Ispaniýanyň toparyny ýeňip, çempion bolupdy.

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy