SPORT

Ronaldo bu gezek hem kuboksyz galdy

Portugal ýyldyz Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän Saud Arabystanyň “Al-Nasr” topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda Ýaponiýanyň “Kawasaki” toparyndan 3:2 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy.

Ronaldo tutuş duşuşykda meýdançada bolup, tapawutlanyp bilmedi. Ýapon topary Aziýanyň Çempionlar ligasynda finalynda Saud Arabystanyň “Al-Ahli” topary bilen duşuşar.

Duşuşyk 3-nji maýda Jidde şäherinde geçiriler.

2024-25-nji ýylyň möwsüminde Aziýanyň Çempionlar ligasy hem täze görnüşde guraldy. Ýaryşyň umumy tapgyryna Yrakdan, Eýrandan, Katardan, BAE-den, Saud Arabystanydan, Özbegistandan, Awstraliýadan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Tailanddan, Günorta Koreýadan we Ýaponiýadan 24 topar gatnaşyp, olar Günbatar we Gündogar hökmünde 2 sebite bölünip özara bäsleşdiler. Pleý-off tapgyryna her sebitden 8 güýçli topar çykmagy başardy.

Portugal ýyldyz Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän Saud Arabystanyň “Al-Nasr” topary hem ýayrm finala çenli geldi.

Şeýlelikde, Ronaldo üstümizdäki ýylda hem kuboksyz galdy. Ol 2,5 ýyldan bäri Saud Arabystanyda çykyş edýär we şol döwürde diňe bir kubok gazanyp bildi.

Ýene-de okaň

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary baş tälimçisini täzeledi

Ronaldoly «Al-Nasryň» Aşgabada gelmegi dünýä metbugatynyň üns merkezinde

«Barselona» topary Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy

“Fenerbahçe” Türkiýäniň Superkubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Mer­gen Orazow «Arkadag» toparyna tälim berýär

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» we«Al-Nasr» futbol klublary taryhy duşuşygy geçirerler