SPORT

Ronaldo 4-nji gezek Ginnesiň rekordyna eýe boldy

40 ýaşyndaky Kristiano Ronaldo Portugaliýa bilen Daniýanyň arasynda geçirilen duşuşygyň öňüsyrasynda nobatdaky Ginnesiň rekordlar kitabyna degişli şahadatnama gowşuryldy.

Portugal ýyldyz halkara futbol taryhynda iň köp ýeňiş gazanan futbolçy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda nobatdaky gezek orun aldy. Ol 132 ýeňşi bilen özüniň ozalky dosty Serhio Ramosdan öňe saýlandy.

Şeýle hem Ronaldonyň mundan başga-da ýene-de 3 sany Ginnesiň rekordy bar. Ol halkara futbol taryhynyň iň köp gol geçiren futbolçysy, Çempionlar ligasynda 100 gol geçiren ilkinji futbolçy, şeýle hem “Instagram” jemgyýetçilik torunda iň köp yzarlaýja eýe bolan futbolçy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda öz adyny ýazdyrdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy