JEMGYÝET

RoboRAVE 2017 innowasion robot işleri boýunça ýaryş geçirildi

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösuş Uniwersitetinde talyp ýaşlaryň arasynda “Ylym” gününe bagyşlanyp innowasion robot işleri boýunça ýaryş geçirildi. On iki sany gatnaşyjy toparlar öz taslama işlerini sergide görkezdiler.  Olar toparda işläp bilmek, ugurtapyjylyk,  edilen işi we ýasalan roboty hödurlemek boyunça ýaryşdylar.

Bir günuň dowamynda muňden gowrak myhmany kabul eden bu ýaryş robot ýarmarkasy görnuşinde geçirildi. Ýaryşyň şertlerine görä, her myhmanda bir petek berildi we ol şonyň kömegi bilen halan taslamasyna ses berip bilyär. Mugallymlar we ýörite çagyrylan myhmanlar birnaçe taslamalara ýada bir taslama birnäçe ses bermek mumkinçilikleri  bardy. Ses bermegiň netijesinde iň köp ses alan diwar-reňkleýji robot “PaintBot” boldy. Ol öz hasaplamalarynyň netijesinde diwary reňklemek uçin boýagyň gerek mukdaryny hasaplap, ýetmesi kyn bolan ýerleri boýap berýär. Ikinji ýere mynasyp bolan taslamalaryň ikisi sosial- ähmiýeti uly bolup, fiziki ukyplygy pes bolan adamlar üçin döredilen  işler: “Gürleýän” hasa körler üçin we tälim beriji robot “Enlighten”.  Üç sany üçinji ýere mynasyp bolan taslamalar bolsa: öýjikli telefon üçin döredilen “e-kassa” programmasy, oýup-ýazýan robot we yşyk diodlaryň kömegi bilen towuklaryň öndürüjiligini ösdurýän akylly ketek “Smart Hencoop”. Bulardan başgada ýaryşda bilim-berýän oýunjak, kofe-ediji we sowadyjy bulgur, senagat önümçiligi üçin döredilen arasalaýjy süzgüç we başgada gyzykly taslamalar görkezildi.  Ýenijiler gymmat baha sowgatlara mynasyp boldylar. Ähli gatnaşyan talyplara uniwersitetde geçirilen dabaryly nyzamda hormat hatlary we medallar gowşyryldy.

Bu ýaryş uniwersitetin Kompýuter tehnologiýa we ulgamlar kafedrasy we HYYweÖU ýaş “Injenerlar” klubynyň kömegi bilen gurnaldy. Ýaryşyň maksady ýaş talyplaryň teoriki materýallaryny amallaşdyrmak, ylmy ugurtapyjylygy ösdürmek we täze açyşlara ugrukdyrmak.

Ýokary okuw jaýlaryndan we mekdeplerden gelen myhmanlar şunuň ýaly ýaryşlar okuwçylaryň döredijilik ähmiýetini ösdürüp, olarda ylmy sapaklara we innowasion tehnika bolan höweslerini has hem artdyrýandyyny nygtap geçdiler.

Didar Haýytow

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we

Ösuş Uniwersitetiniň mugallymy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Owganystanyň önümleriniň sergisi geçiriler

Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat

Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler

Türkmenistan Owganystanda raýat ylalaşygyny gazanmak babatdaky tagallalary goldaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini ulanmak möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan BMG-niň ynamdar hyzmatdaşy hem-de pikirdeşi