SPORT

Roberto Martines Portugaliýa tälim berer

Belgiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky tälimçisi Roberto Martines Portugaliýanyň milli ýygyndysyna tälim berer. Taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylandygy we şertnamanyň möhletiniň 2026-njy ýyla çenli göz öňünde tutulandygy mälim edildi.

49 ýaşly hünärmen 2016-2022-nji ýyllar aralygynda Belgiýanyň ýygyndysyna tälim berdi. Ispan tälimçi bilen Belgiýanyň ýygyndysy 2018-nji ýylda dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeledi.
Katardaky dünýä çempionatynda bolsa, Belgiýanyň ýygyndysy toparçadan çykyp bilmän, çempionatdan ir yzyna dolanmaly boldy. Şondan soňra Martines Belgiýanyň ýygyndysyndaky wezipesinden meýletin çekildi.
Şeýle hem Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Fernando Santos hem 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Portugaliýanyň çäýrek finalda Marokkonyň ýygyndysyndan ýeňlenden soňra tälimçilik wezipesini taşlapdy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi