SPORT

Rekord goýlan futbol duşuşygy

UEFA-nyň Milletler ligasynyň ilkinji tapgyrynda merkezi duşuşyklarynyň biri Germaniýa-Ispaniýa milli ýygyndylaryň arasynda geçirildi we şol oýunda täze rekord hem goýuldy. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlaryna görä, ispanlaryň goşmaça 90+5 minutda geçirilen jogap pökgüsi, Ispaniýa milli ýygyndysynyň yzly-yzlyna 41 oýunda meýdany golsuz terk etmändigini görkezip, ol hem özboluşly rekord boldy. Bu bolsa futbol boýunça milli ýygyndylaryň arasynda rekord hasaplanylýar.

Şeýle hem Milletler ligasynyň ilkinji tapgyrynyň bolup geçen oýunlarynyň netijesi bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Latwiýa-Andorra (0-0)

Farer adasy-Malta (3-2)

Germaniýa-Ispaniýa (1-1)

Bolgariýa-Irlandiýa (1-1)

Russiýa-Serbiýa (3-1)

Sloweniýa-Gresiýa (0-0)

Türkiýe-Wengriýa (0-1)

Finlýandiýa-Uels (0-1)

Moldowa-Kosowo (1-1)

Ukraina-Şweýsariýa (2-1)

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi