BIZNES

“Reebok” markasynyň taryhy

“Reebok” markasy baradaky hekaýa 1895-nji ýyldan başlaýar. Joseph William Foster heniz 14 ýaşyndaka, arzuwlaryny hasyl etmek üçin herekete geçip başlaýar.  Ol aýakgap öndürmeklik bilen gyzyklanyp, dünýä meşhur markany döretmegi arzuw edýärdi. Gysga wagtdan soňra ol ylgaw üçin ýörite sport aýakgaplaryny döretdi. Işi ňuna bolup, 1900-njy ýylda “J W Fosfer”atly işini gurdy. Soňra ogullary hem bu işe goşulyp “ JW Fosfer we ogullary ” diýip, işleriniň adyny üýtgetdiler.Fosfer kiçijik fabrik açyp, ol ýerde aýakgaplaryň görnüşlerini öndürip başlady.

1933-nji ýylda Fosfer aradan çykandan soňra, ogullary kakasynyň işini dowam etdirýär.

1958-nji ýylda Fosferiň agtyklary “Reebok” atly kompaniýany gurýar.

1979-njy ýylda amerikaly Paul Fireman “Reebok” sport aýakgaplaryny görüp, ony ABŞ-na paýlamak barada şertnama baglanyşdy.

1982-nji ýylda “Reebok” ilkinji gezek zenanlar üçin hem aýakgap öndürip başlady.

2005-nji ýylda “Adidas” markasynyň eýesi “Reebok” kompaniýany satyn aldy.

“Kamaz” Türkmenistanda öz tehnikalary öndürer

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler