SIZDEN GELENLER

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda teleradioýaýlymlaryň döredijilik işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa “Miras” teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjylary we taýýarlaýjylary Tyllagözel Ýusupowa bilen Köşüli Annaseýidow gatnaşdy.

Myhmanlar ençe ýyllaryň iş tejribeleri, radioýaýlymyň täsirleri hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Olar söhbetleriniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny açyp görkezýän gepleşikler, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylýan edebi-çeper gepleşikleriniň hem dowamly halk köpçüligine ýetirilýändigini aýtdylar.

Myhmanlar duşuşygyň dowamynda döreden şygyr bentlerini okadylar.  Institutynyň talyplary žurnalistika, döredijilige degişli özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Duşuşygyň ahyrynda geljekki žurnalistler radioýaýlymyň işgärleri bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Bägül Kakalyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry

OGT forumy – nebitgaz pudagynyň hyzmatdaşlyk meýdançasy

Nebitgaz toplumynyň batly gadamlary