DÜNÝÄ

Putin we Trampyň 2-nji telefon söhbetdeşligi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary mundan ozal, 12-nji fewral telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Bu gezekki telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklary hem-de halkara gün tertibiniň esasy wakalary boýunça pikir alşyldy. Her iki tarapyň özara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek babatdaky garaýaşylary beýan edildi.

Donald Tramp häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýa bilen giň gerimli söwda gatnaşyklarynyň ýokdugyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alşandyklaryny aýtdy.

Taraplar geljekde ykdysadyýet we energetika pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösüş ugrundaky käbir pikirleri ara alyp maslahatlaşdy.

Şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp rus kärdeşi Wladimir Putin Milli hokkeý ligasy bilen Kontinental hokkeý ligasynyň arasynda duşuşyklar geçirmek hakyndaky başlangyjyny goldady.

“Donald Tramp Wladimir Putiniň Milli hokkeý ligasynda bilen Kontinental hokkeý ligasynda çykyş edýän rus we amerikan hokkeýçileriniň arasynda duşuşyk geçirmek başlangyjyny goldady” diýlip, Kreml köşgüniň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşligi 2.5 sagat dowam etdi.

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri