DÜNÝÄ

Putin: Russiýada Merkezi Aziýadan 212 müňe golaý talyp bilim alýar

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Şeýle hem sammite – Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Sammitde çykyş eden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni ynsanperwer gatnaşyklar barada beýanat berdi.

Putin Russiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, özara bähbitli syýasy, ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydyklaryny beýan etdi.

– Bu ugurlaryň ählisinde hakykatdanam gowy netijeleri gazanmak eýýäm başartdy. Şeýlelikde, geçen ýylyň netijeleri boýunça Russiýanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen haryt dolanyşygy 45 milliard dollardan geçdi. Umuman aýdanyňda, gowy netije gazanyldy – diýip, Putin belledi.

Wladimir Putiniň bellemegine görä, Russiýa sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetine maýa goýmakda öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Rus maýa goýumlarynyň jemi möçberi 20 milliard dollardan gowrak. Sebit döwletlerinde rus maýasy bolan jemi 25 müňe golaý kompaniýa işleýär.

Ynsanperwer aragatnaşyklar hakykatdanam ýokary depginde dowam edýär, diýip bellemek bilen, Wladimir Putin Russiýada Merkezi Aziýa döwletlerinden 212 müňe golaý talyp bilim alýandygyny aýtdy.

Şeýle hem ol sebit ýurtlarynda Russiýanyň 25 sany ýokary okuw mekdebiniň şahamçalarynyň üstünlikli işleýändigini, rus dilinde okadylýan mekdepleriň açylýandygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi