JEMGYÝET

Putin: GDA-nyň çäklerinde durnukly ösüş gazanylýar

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Russiýa bardy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çagyrmagy boýunça geçirilen sammitde ýylyň dowamynda guramanyň çäklerinde amala aşyrylan işlere syn berildi.

Wladimir Putin sammitde eden çykyşynda Russiýa bilen GDa döwltleriniň arasyndaky gatnaşyklar tamamlanp barýan ýylda uly üstünliklere beslenendigini belläp, muňa haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşiniň hem şaýatlyk edýändigini belledi.

Ýanwar-okatýabr aýlarynda haryt dolanyşygy 6,6 göterim artyp, 81,5 milliard dollara barabar boldy. Şu ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 100 milliard dollara ýetjekdigi aýdyldy.

Wladimir Putin GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugry, umumy Ýewraziýa sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy goramakdan ybaratdygyny belläp, bu ugurda hem hyzmatdaölygyň dowam etdiriljekdigini mälim etdi.

Putin gurama agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda medeni we ynsanperwer ugurlarda hem görnetin ösüşleriň gazanylandygyny aýdyp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär