BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESCO) Baş konferensiýasy Samarkantda öz işine başlady. Mejlise Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç, Slowakiýanyň Prezidenti Peter Pellegrini hem-de agza döwletleriň wekilleri gatnaşdy.
ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azulaý umumy mejlisde çykyş edip, soňky sekiz ýylyň dowamynda edilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny ÝUNESKO-nyň medeniýet we bilim arkaly dünýäni birleşdirýän nyşan hökmünde görkezdi.
Odri Azulaý çykyşynda, geçen sekiz ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň serişdeleriniň 800 million dollara golaý artandygyny, ýagny 82 göterim ösüş gazanylandygyny aýtdy. Ol muny guramanyň işini täze strategiýa boýunça täzeden guramagy bilen düşündirdi.
 
  
 
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mejlisde eden çykyşynda Samarkant şäheriniň adamzat taryhynda “ynsanperwer pikirleriň, özboluşly ylymlaryň we medeniýetara dialoglaryň merkezi hökmünde” aýratyn orun eýeleýändigini belledi.
Prezident Mirziýoýew ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin birnäçe başlangyç bilen çykyş etdi. Ol her bir çaganyň bilim almagyna mümkinçilik döretmek maksady bilen inklýuziw bilimi ösdürmek boýunça ÝUNESKO platformasyny döretmegi, şeýle hem “Emeli aň mekdebi” atly taslamany durmuşa geçirmegi teklip etdi.
Şeýle-de, ol “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasyny güýçlendirmek, bu ugurda täze halkara gününi yglan etmek başlangyjy öňe sürdi.
Mundan başga-da, özbek Lideri zenan ýolbaşçylygy boýunça ÝUNESKO Akademiýasyny, howanyň üýtgemegine garşy göreşýän şäherleriň ÝUNESKO toruny, hem-de sanly döwürde ýalan maglumatlara garşy durmak we özara düşünişmegi ösdürmek boýunça täze maksatnamany döretmegi teklip etdi.

