JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistana saparynyň netijelerini jemledi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Parahatçylyk we ynanyşmak boýunça Halkara forumyna gatnaşandan soň Aşgabada eden saparynyň netijelerini boýunça uçarda habarçylara beýanat berdi.

Prezident Ärdogan forumy guramak we oňa çakylyk üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Ol bu çäräniň BMG tarapyndan yglan edilen, Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilendigini belledi.

Prezident iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtady.

«Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gazanandan bäri, biziň gurluşyk kompaniýalarymyz takmynan 55 milliard ABŞ dollaryna barabar taslamalary durmuşa geçirdi. Häzirki wagtda bolsa umumy bahasy 10 milliard dollara golaý bolan 19 taslama dowam etdirilýär», — diýip Ärdogan aýtdy.

Ol Türkiýäniň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny 2 milliard dollardan 5 milliard dollara çenli artdyrmagy maksat edinýändigini beýan etdi. Şeýle-de Ärdogan türk kompaniýalarynyň ýurduň infrastrukturasyny ösdürmäge goşan goşandyny belledi.

Türkiýäniň Prezidenti şol bir wagtda Türkiýäniň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar edendigini we onuň hemişelik Bitaraplyk derejesini goldan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny nygtady.

«Biz bitaraplygy parahatçylygyň filosofiýasy hökmünde görýän Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýarys», — diýip ol aýtdy.

Saparyň çäginde Ärdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ärdogan Türkiýäniň diplomatik başlangyçlary goldaýandygyny we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen aragatnaşyklary dowam etdirýändigini aýtdy. Ol Putin bilen gepleşiklerden soň parahatçylyk tagallalaryny ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy