JEMGYÝET

Prezident Ärdogan: türkmen gazyny Hazaryň üsti bilen Türkiýä getirmegi maksat edinýäris

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Stambul şäherinde geçirilen “Stambul tebigy serişdeler” mowzukly sammite gatnaşdy.

Stambulyň Lötfi Kyrdar kongresler merkezinde geçirilen dabarada çykyş eden Prezident Ärdogan Türkmenistanyň tebigy gazyny Hazar deňzi arkaly Türkiýä getirmegi maksat edinýändiklerini belledi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti metbugat gullugy habar berýär.

Prezident Ärdogan 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen satyn alyp başlandyklaryny belledi.

– Häzirki wagta çenli 250 million kubmetr Türkmenistanyň tebigy gazyny aldyk. Ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji 1.3 milliard kubmtere deň bolar. Bu babatda ilkinji meýilnamamyz şertnamamyzyň möhletini ýene-de 5 ýyl uzaltmak bolup durýar. Ahyrky maksadymyz bolsa, Türkmenistanyň tebigy gazyny Hazar deňzi arkaly Türkiýä getirmegini gazanmakdan ybaratdyr. Muny amala aşyran halatymyzda hem ýurdumyzy hem-de Ýewropany has köp möçberde tebigy gaz bilen üpjün etmek mümkinçiligine eýe bolarys – diýip, Prezident Ärdogan belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar