JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň karary bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Maslahatlar Merkezinde geçirilen forumyň umumy mejlisinde eden çykyşynda Ärdogan şeýle diýdi: “Biziň ata ýurdumyz hasaplaýan türkmen topragynda ýene bir gezek bolýandygymdan örän uly bagt duýýaryn. Hemişelik Bitaraplyk derejesini has-da belende galdyran türkmen halkynyň Milli Lideri, gadyrly doganym Gurbanguly Berdimuhamedowy tüýs ýürekden gutlaýaryn, bizi bu ähmiýetli gün mynasybetli bir ýere jemlän Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallygymy bildirýärin.”

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli türkmen halkyny gutlan Prezident Ärdogan, Türkiýedäki 86 million raýatyň salamyny ýetirdi.

– Garaşsyzlygyndan bäri uly ykdysady we ynsanperwer ösüşi amala aşyran Türkmenistanyň her bir üstünligi bilen buýsanýarys we begenýäris. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň iň çalt ösýän ykdysadyýetleriniň biri derejesine ýetip, şäherleri, zawodlary, mekdepleri we hassahanalary bilen nusgalyk, döwrebap bir ýurda öwrüldi. Türkiýe bilen Türkmenistan, güýjüni umumy taryhdan alýan birek-biregi goldaýan iki doganlyk ýurtdur.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt hökmünde, şol bir wagtyň özünde hemişelik Bitaraplyk derejesini goldaýanlaryň ilkinjileriň biridiris. Türkmenistanyň 30 ýyl bäri dowam etdirýän bu hukuk derejesiniň umumy medeniýetimiziň parahatçylyk we dostluk düşünjesi bilen ýugrulandygyny görýäris. Türkmenistan bilen biziň maksadymyz hem birdir. Türkmenistanyň parahatçylykly wezipäsini goldap, gatnaşyklarymyzy her ugurda ösdürip, jebisligimizi has-da güýçlendirýäris. Maýa goýumlar, söwda, energetika we başga-da köp ugurlardaky başlangyçlar bilen dowam etdirýän işlerimizi ynsanperwer gatnaşyklarymyz bilen pugtalandyrarys – diýip Ärdogan belledi.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder

Premýer-ministr: Baku Türkmenistanyň Bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar