SPORT

Powetkin-Uaýt boks tutluşygy 27-nji martda

Russiýaly boksçy Aleksandr Powetkin beýik britaniýaly garşydaşy Dillian Uaýt bilen boks tutluşygy üçin Gibraltara gitdi. Bu barada rus metbugaty habar berýär.

Boks tutluşygy 27-nji martda geçiriler. 2020-nji ýylyň 23-nji awgustynda Beýik Britaniýada geçirilen boks duşuşygynda Powetkin garşydaşyny ýeňipdi. Şol tutluşyk Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) agyr agramdaky çempionynyň wagtlaýyn derejesini goramak maksady bilen geçirilipdi.

Russiýaly 41 ýaşyndaky Powetkin häzire çenli geçiren boks duşuşyklarynda 36 gezek ýeňiş gazanyp, 2 gezek ýeňildi we bir gezek hem deňme-deň boldy. 32 ýaşly Uaýtyň bolsa 27 ýeňşi we 2 ýeňlişi bar.

Oliç SSKA toparynyň täze tälimçisi bolar

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy