JEMGYÝET

Pomidorlar has ulalyp biler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Jorjiýa we Gresiýanyň Afina uniwersitetiniň alymlary görnüşi boýunça has uly we suwly pomidor ýetişdirmegiň ýoluny tapdylar. Munuň üçin olar degişli geni işläp taýýarladylar.

Ösümlikler älemindäki degişli maşgalasynda ýa bazardyr gündelik durmuşymzyda bolsun, pomidor gök we miwe önümleriniň arasynda iň meşhurlarynyň biri. Ýöne gök önümleriň beýleki görnüşleri ýaly, pomidor hem taryhyň dowamynda köp sanly özgeruşlere sezewar bolupdyr. Gerek bolsa, pomidoryň ata-babalary hasaplanylýan ösümlikler oňa asla çalymdaş hem däldi. Özi hem bu özgerişlik ýene-de dowam edýär.

Geçirilýän genetik gözlegler pomidoryň henize çenli mälim bolmadyk käbir syrlaryny hem ýüze çykarýar. Ynha, amerikan we grek alymlary birleşip, pomidoryň genine käbir özgertmeleri girizmegi başardylar.

Alymlar pomidordaky üýtgeşmeleri onuň öýjüklerinden alyp gaýtmagy makul bildiler. «PLOS Genetics» žurnalynda geçirilen barlaglaryň netijesi barada çap edilen makalada aýdylyşy ýaly, pomidoryň gabygyndaky öýjükleriň göwrümini ulaltmak bilen onuň tutuş ululygyna täsir edip bolýar. Şeýlelikde, pomidor adatdakylardan has iri we eti doýgun bolýar. Elbetde, şeýle pomidoryň hyrydarhalar boljakdygy hemmä mälim hakykat.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/pandemiya-dowrunde-turkmen-talyplaryn-sany-artdy/

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri «CNPC»-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar