JEMGYÝET

Polina Gurýewany sylaglama dabarasyndan suratlar

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni – Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça 217 kg (96+212) netijäni görkezdi we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at berildi. Döwlet Baştutanynyň adyndan oňa ähli amatlyklary bolan öýüň hem-de «Lexus LX570 Sport Plus» kysymly awtoulagyň açarlary gowşuryldy. Mundan başga-da, P.Gurýewa 50 000 amerikan dollary möçberinde pul baýragy sowgat berildi.

Sylaglamak dabarasyndan pursatlar fotosuratlarda…

 

Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa sylaglandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi