IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas” Gyýanly obasynda işlemek üçin işe çagyrýar

Gyýanly obasynda işlemek üçin ýangyn toparynyň başlygy.

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: ýangyn howpsuzlygy pudagy boýunça ýokary ýa-da deň derejeli bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: ýangyn howpsuzlygy ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda çäre görmek boýunça azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly. Nebitgaz ýa-da nebithimiýa senagatlarynda ýangyn toparynyň başlygy wezipesinde işlän iş tejribesi artykmaçlyk hasaplanylýar.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde gowy gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: degişli taraplar bilen özara gatnaşyklary, adatdan daşary ýagdaýlarda çäre görmek işlerini dolandyrmakda tejribesi bolmaly. «MS Office» programmasynda işlemegi başarmaly.

Tehnik (barlaghana üçin).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: islendik degişli hünärment ýa-da tehnika orta okuw mekdebiniň diplomy bolmaly.

Iş tejribesi: 1 ýyldan 3 ýyla çenli nebitgaz pudagynyň barlaghanasynda işlän iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de «MS Office» programmasynda işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär