BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

«PETRONAS Çarigali» işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (zähmet gigiýenasy boýunça).

Bildirilýän talaplar:

Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: degişli ugurda bakalawr derejesi we ZG, HT we DGG (zähmeti goramak, howpsuzlyk tehnikasy we daşky gurşawy goramak) boýunça hünär derejesi;

Iş tejribesi: ZG, HT we DGG dolandyryşy boýunça/nebitgaz ýa-da nebithimiýa senagatynyň degişli pudagynda 3 ýyldan 5 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly;

Dili: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gepläp we ýazyp bilmeli;

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmalaryny («MS Word», «MS Excel») bilmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler