JEMGYÝET

Pensiýa boýunça üýtgeşmeler. Tanyş boluň!

Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, fiziki şahslar bilen bagly ýeňillikleriň sany 5-e ýetirildi. Şeýlelikde, ýagny:

1) ýaşy boýunça pensiýa;

2) gulluk ýyllary boýunça pensiýa;

3) hünär pensiýasy;

4) maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly eger-de olar möhletsiz maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen bolsalar;

5) döwlet durmuş kömek puly bellenilen halatynda, fiziki şahslar hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler.

«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, hususy telekeçilere we hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi durmuşa geçirýän fiziki şahslara — özleri üçin tölenilýän pensiýa gatançlarynyň möçberine täzeden seredildi. Girizilen üýtgetmä görä, ýokarda agzalan şahslara pensiýa gatançlaryny, olaryň özleriniň girdejisine garamazdan, hasabat döwrüniň her aýy üçin ýurt boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň azyndan 10 göterimi möçberinde tölenilmeli edilip, 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlanýan döwür üçin ulanylýandygy bellenildi. 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini syýasy ulgamdaky özgertmeleri bilen gutlady

Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli baýram namazy 20-nji martda okalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri «CNPC»-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri